Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler, Biblografiýa bölümi we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky nebit we gaz uniwerstiteti bilen bilelikde “Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary” - atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi we “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dost-doganlyk sazy” atly kitabynda : “Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary döwletiň içeri we daşary syýasatynyň derejesinde öz beýanyny tapdy. Olaryň esasynda parahatçylygy söýüjiligi ykrar edýän mizemez ahlak kadalary hem-de ýörelgeleri berkidildi.” diýip beýan edilýär, söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitaphana – hazynalar ojagy”- atly kitap sergi gurnaldy.
Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitap aýdar geçeni, …