“Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

 Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek,ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.Türkmen halkynyň kitaba sarpa goýmak,bilim öwrenmek ýaly iň gowy häsiýetleri  bu günki günde hem ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň durmuşa geçirilýändigini, okyjylara giň mümkinçiligiň döredilýändigini nygtap geçdiler.

 Söhbetdeşligiň  ahyrynda çykyş edenler  Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady …

Metbugat gullugy