Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy” ady bilen kitaphana işi barada söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde medeniýet ulgamynda şeýle hem onuň aýratyn ugry bolan kitaphanalar we kitaphana işini hemmetaraplaýyn ösdürmekde, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň adamzadyň durmuşynda deňsiz-taýsyz gymmatlykdygyny örän jaýdar belläp geçdiler. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Hut şonuň üçin hem ol adamy aň- düşünje ummanyna, ylmyň-bilimiň täze menzillerine, giňişliklerine tarap alyp gidýär diýip, söhbetdeşlige gatnaşanlar belläp geçdiler.
Bize işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap geljegiň habary, …