“Kitap-kalbyň açary” – atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölüminde “Kitap-kalbyň açary” – atly kitap sergisi  gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap-kalbyň açary” – atly kitap sergisi  gurnaldy. Sergide bölümiň gaznasynda saklanýan neşirleriň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy. Şu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy-edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär.Sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. 

    Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-kalbyň açary” – …

Metbugat gullugy