“Kitap ylym-bilim hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi talyp ýaşlar bilen “Kitap ylym-bilim hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaplaryň jemgyýeti kämilleşdirmekde ilkinji zerurlyk bolup durýandygy, onuň adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna uly ýardam berýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi bilen kitap söýüjileriň sanynyň barha artýandygy hakynda-da belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy we pursatdan peýdalanyp döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap ylym-bilim hazynasy” …