“Kitaphana bilen tanyşmak” atly gezelenç geçirildi

Image description

“Kitaphana bilen tanyşmak” atly gezelenç geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal jogap bölümi 4-nji çagalar sungat mekdebiniň 3-nji we 7-nji synp çagalary kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana bilen tanyşmak” atly gezelenç geçirildi. Bu gurnakda  edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Mundan başga-da  kitaphanalarda kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri : Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada aýdyp geçdiler “Kitaphana bilen tanyşmak” atly gurnaga gatnaşan  çagalar özleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana bilen tanyşmak” …

Metbugat gullugy