Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025- 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy. Döwlet makstnamasyndan ugur alyp Kitaphana işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak barada iş tejrebe alnyşyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklandy. Döwlet maksatnamasynyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Kitaphana işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak barada iş tejrebe alnyşyldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. .
Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana işini kämilleşdirmek …