Kitaphana-paýhaslar öýi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şeýle-de orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, kitaphana hyzmatlaryndan işjeň peýdalanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, “Kitaphana- paýhaslar öýi” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda kitaphana iň köp gatnan okyjylaryň arasynda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi ýeňijilere Hormat hatlary hem- de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň dowamynda kitaphanalaryň ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegindäki ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Ýurdumyzda ylym-bilime, medeniýete we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana-paýhaslar öýi