Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara kitaphanamyzda hyzmat etýän bölümler we bölümleriň ýerine ýetirilýän işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi, esasanam döwürleýin neşirleri saklaýan bölümiň alyp barýan işleriniň iň inçe syrlary barada diňe gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem gurnaga gatnaşan ýaş hünärmenlere tejribe arkaly hem ýerine ýetirmek işleri geçirildi. Bu tejribe işi ýaş kitaphanaçylaryň özlerinde dörän soraglaryny kanagatlandyrmaga we öz hünärlerini tejribede synap görmane talyplara kömek eder. Geljekde kitaphançylyk işine goşant goşjak we öz kärini bir kemsiz ýerine ýetirjek ýaş hünärmenlerimiz döwürleýin neşirleri gorap saklamak islerini tejribe işinde we olary okyja ýetirmekde uly işler etjekdiklerine ynam bildirýäris.
Gurnaga gatnaşyjylar kitaphana ugruny ösdürmekde giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyga badalga”