“Kitaphana rowaçlyklara badalga atly” gurnak geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda “Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi ” özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler.Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Kitaphananyň ýüregi hasaplanyar, çünki kitaphana gelýän her bir okyjy bellikhanadan geçensoň gönüden-göni bu bölüme ýüz tutýar. Bölümiň işgärleri okyjynyň isleg bildirýän kitaplaryny, gazet-žurnal makalalaryny (türkmen-rus dillerinde) elektron katalogyň şeýle hem elipbiý tertibindäki katalokdan we kartotekalardan kartoçkalaryň üsti bilen nähili dogry we çalt tapylýandygyny talyp ýaşlara tejribe üstünde görkezdiler. Şeýlede tejribelerini artdyrmak maksady bilen talyplar bilen sorag-jogap alyşyldy. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyklara badalga …