“Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Bu gurnagyň maksady ýaş nesli kitaba çekmek we kitap okamana bolan höwesini artdyrmak, talyp ýaşlaryň öz ugurlarynda tejribe almaklaryna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Gurnagyň bu sanynda Kitaphananara abonementi bölüminde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi we has täsirli bolar ýaly alnyp barylýan işleri öz ýerinde talyplar bilen tanyşdyrdylar. Gurnagyň ahyrynda olaryň alan bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen sorag-jogap alyşyldy we ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesle dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap bilimlerini artdyrmaklary üçin döredip berilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly …