Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlerden kitaphana synyny geçirdi.
Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçen umumy okuw sapagyndaky Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakyndaky çykyşy ýerleşdirildi.
Kitaphana synyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelen …