Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden kitaphana synyny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri giňişleýin okyjylarymyza tanyşdyrdylar. Täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde kitaphanamyza gelip gowuşýan gazetdir- žurnallarda döwrümiziň toý-baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsüni özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy diýip bellediler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýaş nesillere işlemäge, döretmäge döredilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …