Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitaphanalar-dost-doganlyk köprüsi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy dünýä ýüzüne ýaň salýar. Ähli döwletler bilen bilelikde Gruziýa döwletiniň arasynda hem dost-doganlyk, medeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gruziýa amala aşyran döwlet saparynda birnäçe ulgamlar bilen bilelikde medeniýet ulgamy boýunça hem döwlet ähmiýetli birnäçe resminamalara gol çekdi.Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça özara düşünişmek hakynda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama kabul edilmegi kitaphanaçylary buýsandyrdy. Şeýle taryhy waka mynasybetli şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi “Altyn asyr” teleýaýlymyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň çäginde kitaphana işgärleri Gruzin ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden kitap sergisini hem gurnadylar. Dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda, ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanatmakda ägirt uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphanalar-dost-doganlyk köprüsi” atly …