Kitaphanalar - ynsanyýetiň ruhy baýlygynyň jemlenen iň uly hazynasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Biblografiýa bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 130-njy ýötiteleşdirlen mekdebinde “Kitaphanalar- ynsanyýetiň ruhy baýlygynyň jemlenen iň uly hazynasy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi we “Kitap adamyň dosty we maslahatçysydyr” ady bilen göçme kitap sergi gurnady.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly işler alnyp barylýar.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähiminden dörän gymmatly kitaplarynyň many-mazmuny hakynda mekdebiň uly synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdiler we olarda uly täsir galdyrdy.
Wagyz-nesihat çäräniň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan kitap sergi gurnaldy we sergide ýerleşdirilen kitaplary giňişleýin görkezip, tanyşdyrdylar.
Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphanalar - ynsanyýetiň …