“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanmyzyň mukaddes  nyşanlary” ady bilen dabara geçirildi

Image description

“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanmyzyň mukaddes  nyşanlary” ady bilen dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanmyzyň mukaddes nyşanlary” atly dabara geçirdi. Dabara  dürli ugurlarda zähmet çekýän myhmanlarymyz we okyjylarymyz ,kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bellenilýän bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Ine şular dogrusynda dabara gatnaşyjylar täsirli çykyş etdiler, şahyrlarymyz goşa baýramçylyk mynasybetli şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Konstitusiýa we Döwlet …

Metbugat gullugy