Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-ynsanyň köňül nagşydyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-ynsanyň köňül nagşydyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň mugallymlary we talyplary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen  “Kitap-ynsanyň köňül nagşydyr” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Talyp ýaşlar özleriniň çykyşlarynda okuwlaryndan boş wagtlary Döwlet kitaphanasyna gelip, bilimlerini artdyrýandyklaryny, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly  eserleriniň görelde mekdebi bolup durýandygy hakynda täsirli çykyş etdiler. Çykyşlarynyň ahyrynda talyp ýaşlar we mugallymlar türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Magtymguly adyndaky Türkmen …

Metbugat gullugy