Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi “Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna” atly söhbetdeşlik geçirdi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan ”Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiz “Magtymguly–dünýäniň akyldary”atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär.
“Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň.
Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň“ diýip belläp geçýär. Söhbetdeşlikde Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary kitap sergi hem giňden sergilendi. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti …