”Milli miras- bedew batly ösüşleriň binýady” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä dillerindäki eserleri-ýaşlara ýol-ýörelge” atly söhbetdeşlik hem-de ”Milli miras- bedew batly ösüşleriň binýady” atly göçme kitap sergisini gurnady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kitaphana ulgamynyň işi hem gün-günden kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ençeme işler amala aşyryrlýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dünýä dillerinde neşir edilen ajaýyp eserlerini wagyz etmek maksady bilen kitaphana işgärleri ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyp ýaşlar we halypa mugallymlary bilen yzygiderli söhbetdeşlikler, göçme kitap sergiler gurnalýar. Sergide görkezilen kitaplar okuw jaýynyň talyplarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu gymmatly kitaplarda, şöhratly taryhymyza, edebi mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar, şeýle hem okuw gollanmalary we mundan başga-da ençeme okyjyny özüne çekýän maglumatlar ýerleşdirilen.
Ynsanperwer syýasatlary bilen dünýäde dost-doganlyk ýollaryny açýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Milli miras-bedew batly …