“Milli mirasymyz –döwürleriň waspy ” - atly kitap sergi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň  34 ýyllgyna bagyşlap  “Milli mirasymyz –döwürleriň waspy ”- atly kitap sergi gurnaldy. Sergimize Türkmenistanyň Telekomnikasiýalar we Informatika institutynyň  talyplarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Şeýle-de sergä gatnaşan talyplarda  uly täsir galdyrdy. Sergimizde  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýär.  Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli mirasymyz –döwürleriň …

Metbugat gullugy