“Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen medeniýeti” atly söhbetdeşligi ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen medeniýeti” atly söhbetdeşligi ýazgy edildi.

Türkmen medeniýeti we sözleýiş medeniýeti halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan baý mirasyny, edep-ekramyny we dil baýlygyny özünde jemleýär. Ol milli gymmatlyklary, dil kadalaryny we özara hormaty gorap saklamagy maksat edinýär. Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki maslahatlar, kitaphana sergileri we medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il- gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy