“Mirasymyz- hazynamyz ” atly kitap sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölümi tarapyndan “Mirasymyz- hazynamyz ” atly kitap sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Mirasymyz- hazynamyz”atly kitap sergi gurnaldy. Sergimizde bölümiň gaznasyndaky bar bolan irki neşirleriň sergisi gurnaldy. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Seýrek neşirler bölümiň hazynasyndaky neşirler  ХVI asyra  degişli bolup  örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy ylmy we medeni gymmatly bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Seýrek neşirler bölümine täze gelen kitaplar hem gaznamyzy has-da baýlaşdyrýar. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhy we ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir.. Şeýle-de irki döwürleýin neşirler hem saklanyp okyjy köpçüligine ýetirilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Mirasymyz- hazynamyz ” …

Metbugat gullugy