Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana  syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana  syny geçirildi. 

Kitaphana synynda çykyş edenler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly kitabynyň 3-nji tomy bilen tanyşdyrdylar. Publisistik häsiýetli dowamly neşir edilýän kitabyň 3-nji tomunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň senenamasy, köptaraply, netijeli syýasy we guramaçylyk işini yzygiderli beýan edýän maglumat materiallary çap edilendigini beýan etdiler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygryna eýe bolan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara seljerme berilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de neşirde täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň  dörediji kuwwatyny, tutanýerli zähmetsöýerligini beýan edilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler her bir adamyň, tutuş halkyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

        

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümi …

Metbugat gullugy