Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Oba hojalygynda ösen innowasiýanyň orny” ady bilen hemişelik kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da oba hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünliklerini açyp görkezýän edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi kitaphana gelýän okyjylarda uly täsir galdyrdy. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Oba hojalygynda ösen …