“Okamak-bereket, döretmek–döwlet”

Image description

“Okamak-bereket, döretmek–döwlet”

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Okamak- bereket, döretmek-döwlet” ady bilen kitaphanaçylar we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatyny, milli mirasymyzy, nesil terbiýesini, ene mähriniň keramatyny, we beýleki sahabatly duýgulary özünde jemleýän kitaplaryň adamlaryň durmuşynda tutýan orny örän uludyr. Türkmen halky kitaby dosty, kyn gününde syrdaşy hasaplaýar. Esasan-da ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, talyp ýaşlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri gymmatly gollanmadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kitaphanalara gatnap, bilimlerini artdyrmaklary üçin, ýurdymyzda ähli mümkinçilikler bar.Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny deň derejede ösdürýän we halkymyzyň medeni, aň-bilim kämilliginiň dünýä ülňülerine laýyk bolmagy üçin  ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza  kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Okamak-bereket, döretmek–döwlet”

Metbugat gullugy