Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we halkara ulag ulgamy barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda ulag aragatnaşygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu okuw kitabynda halkara ulag guramalarynyň esasy görnüşleri, alyp barýan işleri, ösüş ugurlary, olaryň döremegine täsir edýän sebäpler görkezilýär. Halkara guramalaryna düşünje we kesgitleme berilýär, guramaçylyk-hukuk we dolandyryş meselelerine seredilýär, olaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki orny, şeýle hem köpugurly sebit we sebitara halkara guramalarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda tutýan ornuna aýratyn we giňişleýin häsiýetnama berillýär. Sergä gatnaşan talyp ýaşlar okuw kitabynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadgymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aytdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Patent-tehniki edebiýatlar bölümi …