Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk”atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda halkara derejesinde toýlanan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu uly toý baýramlara beslenen baýramçylygyň türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen yazyljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz her gezek BMG-nyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli täze başlangyçlary öňe sürýär diýip bellemek bilen çykyş edenler döwletimiziň alyp barýan dost-doganlyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden dabaralanýandygyny bellediler. Çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Rowaç eýlär ynsanperwer …