Ruhy baýlygyň gözbaşy

Image description

Ruhy baýlygyň gözbaşy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, kitaphanalaryň okyjylar bilen arabaglanyşygy dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her bir ýazan ajaýyp eserleriniň  biziň şu günki ýaş nesillerimiz üçin uly bir terbiýe mekdebidigini belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmunyny düşündirmek arkaly ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, olaryň watançylyk duýgularyny, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini ösdürmek kitaphana işgärleriniň borjy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşirleriň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, il– ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ruhy baýlygyň gözbaşy

Metbugat gullugy