“Şadyýan çagalar – tomus paslynda”

Image description

“Şadyýan çagalar – tomus paslynda”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Şadyýan çagalar – tomus paslynda” ady bilen Gökderede “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da çagalar üçin niýetlenen çeper edebiýatlar,türkmen halk ertekileri hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen çagalar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şadyýan çagalar – …

Metbugat gullugy