Şahyr Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Edebiýat dünýäsinden” atly gepleşigi tarapyndan XX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýän şahyr, terjimeçi Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda,watançylyk,zähmet,ynsanperwerlik temalary bilen baglanyşykly ýazan eserleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şahyryň birnäçe goşgulary labyzly okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýat äleminde yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Şahyr Mämmet Seýidowyň …