Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi 25-nji çagalar bakja bagynda - “Sanawaçlar we matallar” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisini gurady
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi 25-nji çagalar bakja bagynda - “Sanawaçlar we matallar” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisini gurady. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki sanawaçly we matally kitaplar, okalan ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň sanap beren sanawaçlaryny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sanawaçlar we matallar” …