“Şanly Garaşsyzlyk – Baky ýolumyz, ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy” atly söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi we Kitap saklamak bölümiň “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitleri, durmuşyň  dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini giň okyjylar köpçüliginde giňden wagyz edýändikleri hakynda gürrüň  etdiler.        Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şanly Garaşsyzlyk – …

Metbugat gullugy