S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary gezelenje geldiler

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary gezelenje geldiler.

       Bu gezelenjiň dowamynda talyplardyr mugallymlar kitaphana gelip ýazylmak düzgünlerini we nähili ýagdaýda peýdalanyp bolýanlygyny öwrendiler. Kitap sergilerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleriniň, mundan başga-da  dürli edebiýatlaryň ýerleşdirilendigini gördüler.                                            

   Talyplardyr mugallymlara kitaphana gezelenç etmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen …

Metbugat gullugy