“Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda”

Image description

“Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” ady bilen sergi gurnady. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri, gurluşyk ulgamyna degişli neşirler ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag- jogap alyşdylar hem-de bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Senagat we gurluşyk …

Metbugat gullugy