“Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnag

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana rowaçlyga badalga ” atly gurnag geçirildi.

      Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlary Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Olara kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünlerini hem-de okyjyny hasaba alynyş işleriniň tertibi hakynda, bu bölümiň bölümçelerinde alnyp barylýan işleri barada gurnaga gatnaşyjylara giňişleýin gürrüň berildi. Kitaphanamyzda talyp ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän gurnag, ýaşlarda kitaba bolan söýgini hasam artdyrdy. Gurnagyň dowamynda talyp ýaşlar özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.      

     Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana rowaçlyga badalga” …

Metbugat gullugy