Täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden kitaphana syny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden kitaphana syny geçirildi.

       Kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Gazetdir, žurnallarda döwrümiziň uly üstünliklere beslenýän toýdyr- baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde  jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

     Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýaş nesillere işlemäge,okamaga,döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze gelip gowşan …

Metbugat gullugy