”Türkmen bedewleriniň wasp mukamlary!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi ”Türkmen bedewleriniň wasp mukamlary!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkymyzyň ganatly bedewleri,olar hakynda biziň asyrlardan-asyrlara geçip gelen halypa bagşy-sazandalarymyzyň döreden wasp mukamlary bolan “Atçapan”,” Şadilli”,”Göroglynyň at oýnadyşy” ýaly biziň şan-şöhratly bedewlerimiziň şanyna bagyşlanyp döredilen sazlar, Gahryman Arkadagymyzyň ýazan türkmen halkymyzyň ahal-teke bedewleri barada ýazan ajaýyp eserleri, şeýle hem türkmen bedewleri barada biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri hem-de bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň aýdýan ajaýyp aýdymlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Ajaýyp bedewlerimiz hakynda olaryň dünýä dolan şan-şöhraty barada aýdylan ajaýyp söhbetler bu söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Türkmen bedewleriniň wasp …

Metbugat gullugy