Türkmen halk ertekileri-dünýä dillerinde.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekileri-dünýä dillerinde“ atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Çagalar bagynda körpelere dünýä dillerindäki “Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp,çeper okaýyş geçirildi, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag- jogap alyşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da uly gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalarda dünýä garaýşynyň ösmegine, daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar.
Bagtyýar çagalarymyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen halk ertekileri-dünýä …