“Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz–tagallalary netijesinde ähli döwletler bilen bir hatarda goňşy Azerbaýjan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklar täze derejä çykýar.Ýurdumyzda geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi tarapyndan 150 sany sowgatlyk kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Azerbaýjan döwletiniň taryhyny, medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän kitaplar, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri biziň kitaphanamyzyň gaznasyny has-da baýlaşdyrar we iki döwletiň ruhy baýlygyny, medeni mirasyny içgin öwrenmeklige, ony halk köpçüligine giňden ýetirmeklige uly mümkinçilikleri döreder. Kitap gowşurylyş dabarasyndan soňra geçirilen “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahata Azerbaýjan döwletinden gelen ýazyjylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de biziň ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň, ýazyjydyr- şahyrlarynyň, kitaphanaçylaryň gatnaşmaklary iki halkyň edebiýatyny, görnükli şahyrlaryny çuňňur öwrenmeklige uly itergi berdi. Maslahatda türkmen halkynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň ömri döredijiligi hakynda ikitaraplaýyn giňişleýin söhbet edildi we şahyrlaryň goşgylaryndan labyzly okap berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp çäreleriň üsti bilen dost-doganlyk köprüsini berkitmekde, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen halkynyň nusgawy …