“Türkmen milli göreşi” hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen sporty” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen milli göreşi” hakynda halypa kitaphanaçylar bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde milli göreşimiziň döreýşi, gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan pälwanlaryň gurnaýan ýaryşlary, olaryň geçiriliş düzgünleri barada söhbet etdiler. Mundan başga-da ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda sportuň bir görnüşi bolan türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşlar we ýeňiji bolan pälwanlar hakynda giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen milli göreşi” …