“Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde ”Bedew batly, at-myratly, Diýarym!” ady bilen ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde ”Bedew batly, at-myratly, Diýarym!” ady bilen ýazgy edildi.

Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”ýylymyzyň her bir güni täze-täze ösüşlere, ajaýyp ýeňişlere beslenip gelýär. Biziň milli medeniýetimiz we sungatymyz bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede sazlaşykda ösýär. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki wagtda döwrebap ösdürilýänligi hakynda hem giňişleýin durup geçdiler. Olar öz söhbetlerini türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen öz çykyşlaryny jemlediler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy