“Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bitewi elektron kitaphana ulgamy” hakynda ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphanada alnyp barylýan işler we “Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň” işi hakynda ýazgy etdiler. Onda çykyş edenler medeniýet ulgamynyň esasy şahasy hasaplanýan ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine uly üns berilýändigini nygtap geçdiler.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar.Bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur. Ylym ojagy hasaplanýan Döwlet kitaphanasynda hereket edýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen çalt gözleg etmäne, diňe bir kitabyň asyl nusgasyny däl, eýsem onuň elektron görnüşini okamaga ýardam berýänligi hakynda söhbet etdiler. Milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen …