“Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny” ady bilen sergi gurnaldy

Image description

“Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny” ady bilen sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny ” ady bilen sergi gurnady. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollary diňe bir ulag ulgamynda däl, eýsem tutuş milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Ýurduň geoykdysady ýerleşişini netijeli peýdalanmakda hem-de içerki we halkara söwda ýollaryň gurluşygynyň döwrebaplaşdyrylyşy ilkinji hatardaky wezipeleriň biridir. Döwrebap awtomobil ýollary Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrýan durnukly ösüşi üpjün edýän we ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornyny berkitýän möhüm strategiýa bolup durýanlygy barada sergi bilen gyzyklanan okyjylara gürrüň berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmenistanyň ykdysady taýdan …

Metbugat gullugy