Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň gurnamagynda “Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güne bagyşlap “Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi we Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna” atly kitap sergi hem gurnaldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Watan şöhrat şany …