Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary we ”Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaphanany aýlaýar kitabyň ýoly” atly tejribe okuw sapagy geçirildi.
Kitaphananyň hünärmenleri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplaryna kitaphana täze gelýän neşir önümleriniň kabul edilişi, BEKU programmada kitaby ýüklemek we tehniki taýdan işlemek düzgünleri barada tejribe okuw sapagynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Döwletimizde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ylmyň ösmegi, ýaş nesilleriň arasynda tejribe işlerini geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen …