Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan eýýamdygyny, täze taryhy zaman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan zamanydygyny, türkmen halkynyň bu günki bagtyýar nesillerine Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt binasy gaýym (berk) bolan berkarar döwletde, eşretli eýýamda ýaşamak, okamak, işlemek, gurmak, döretmek, päk zähmet bilen Watanymyza şan getirmek, oňa guwanmak we buýsanmak bagty nesip edenligi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde kitaba, kitaphana berilýän üns has güýçlendirildi diýip, uly buýsanç bilen gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aytdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen …