Ýazyjy, şahyr “Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi” hakynda söhbet

Image description

Ýazyjy, şahyr “Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi” hakynda söhbet.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda edebiýat äleminde yz goýan ýazyjy –şahyrlaryň sarpasy belentde tutulýar. Edebiýat ylmynda öçmez yz goýan ussatlaryň sany barmak basyp sanardan kändir. Şolaryň arasynda iň görnüklileriniň biri hem  şahyr, alym, akademik Aman Kekilowdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ”Edebiýat hakynda  söhbet“ atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy şahyr, alym, akademik Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi hakynda kitaphanaçylar bilen söhbet edildi. Söhbetdeşlikde şahyryň körpe neslimiz  üçin döreden birnäçe şygyrlary, watançylyk, oba durmuşyny  açyp görkezýän şygyrlary we onuň “Söýgi” romany hakynda giňişleýin söhbet edildi. Bu romanyň türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun tutýandygy we köp ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmän gelýändigi hakynda hem täsirli söhbet edildi. Kitaphana işgärleri söhbediniň soňunda türkmen edebiýatynyň öçmejek şahsyýetlerini dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza ,Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýazyjy, şahyr “Aman …

Metbugat gullugy