Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminde “Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň “Kitaphananyň usuly işleri” atly sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Kitaphananyň usuly işleri” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Gurnagymyzyň bu sanynda Ylmy-usuly bölümi hem-de Kitaphanaara abonement bölüminiň ýolbaşçylygynda özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogaply bäsleşik gurnadylar. Ylmy-usuly bölüm usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary taýýarlaýar we neşir edýär, welaýat we jemagat kitaphanalaryna iberýär. Bu usuly gollanmalar kitaphana işine degişli gollanmalardan, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalardan, ýylyň ady bilen bagly gollanmalardan we şu günki günüň wajyp meseleleri bolan ekologiýa, suw, daşky gurşawy goramak ýaly temalara bagyşlanan gollanmalardan, medeni mirasymyza degişli gollanmalardan ybaratlygy barada hem-de bu usuly gollanmalaryň nähili taýýarlanyşy, gollanma baradaky edebiýatlary nähili ýygnamaklygy we nähili tertipde ýazylyşy barada giňişleýin gürrüň edilip, gurnagyň ahyrynda talyplar bilen kitaphana işi barada gyzykly sorag-jogap bäsleşik geçirildi. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
12.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ylmy-usuly bölüminde “Kitaphana …