“Ylymyň çeşmesi kitap” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplaryň arasynda gezelenç gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ylymyň çeşmesi kitap” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplaryň arasynda gezelenç gurnaldy.

    Kitap-adamzadyň asyrlar boýy toplan paýhasyny, tejribesini we ylmy açyşlaryny nesilden-nesle geçirýän egsilmez hazynadyr. Ol diňe bir maglumat çeşme bolman, eýsem ynsanyň dünýägaraýşyny giňden pikirlenmek ukybyny ösdürýän we ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan ýakyn hemrasydyr.Yzygiderli kitap okamak adamyň ünsüni jemlemäge, ýatkeşligini berkitmäge, dogry we çeper gürlemäge hem-de özbaşdak netije çykarmaga ýardam edýänligi barada Türkmen Döwlet maliýe institutynyň talyplary bilen gurnalan gezelençde giňden gürrüň berildi. Gezelenjiň dowamynda kitaphana işgärleri bilen talyplar sorag-jogap alyşdylar hem-de geljegimiz bolan ýaş nesilleri milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly eserleri halkymyza peşgeş, edýän, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylymyň çeşmesi kitap” …

Metbugat gullugy