“Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek” ady bilen sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek” ady bilen sergi gurnady.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ýurdyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Ýurduň ykdysady kuwwatyny  ýokarlandyrmak – bu diňe bir stastistiki görkezijiler ösdürmek bolman, eýsem halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak, döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny berkitmek we geljekki nesiller üçin durnukly binýat döretmekdir. Kitap sergisini görmäge gelen okaýjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp döwri peşgeş beren Milli Liderimiz  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýurduň ykdysady kuwwatyny …

Metbugat gullugy